Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

  • 15.04.2026 17:32
  • 3k+

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlarynyň gelen netijesidir.

Barlagyň netijeleri Nature Communications žurnalynda çap edildi.

Alymlar beýnidäki immun öýjükleriniň adatdan daşary signallara jogap hökmünde ys duýmak funksiýasy üçin jogapkär nerw süýümlerini ýok edip başlaýandygyny anykladylar. Bu proses keseliň irki tapgyrlarynda başlaýar we kognitiw bozulmalardan öň ýüze çykyp biler.

Barlag laboratoriýa syçanlarynda, şeýle hem ölen hassalaryň beýni dokumalaryny we pozitron emissiýa tomografiýasynyň maglumatlaryny ulanmak arkaly geçirildi.

Alymlaryň sözlerine görä, beýniniň yslary duýmaklyga jogapkär beýni bölekleri bolan dem alyş nokady bilen beýni ýadrosynyň arasyndaky baglanyşyklarda üýtgeşmeler bolup geçýär.

"Beýni ýadrosy köp fiziologiki mehanizmleri düzgünleşdirýär. Bulara, mysal üçin, beýnide gan aýlanyş, uky we oýalyk siklleri hem-de duýgy maglumatlaryny gaýtadan işlemek girýär. Soňkysy, hususan-da, ys duýuş duýgusyna degişlidir" - diýip, barlagyň esasy awtory Lars Paeger belledi.

Şeýle hem, alymlar nerw öýjükleriniň membranalarynyň gurluşynda olaryň zaýalanmagyna sebäp bolup biljek üýtgeşmeleri tapdylar. Olar bu açyşyň keseli irki döwründe anyklamaga we bejergä ir başlamaga kömek edip biljekdigine ynanýarlar.


20.06.2026 12:08
6.8k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......