Ýaponiýada emeli aň bäbekleriň agysyny «terjime edip» başlady

  • 31.03.2026 23:11
  • 6.5k+

Ýaponiýada emeli aň esasynda işlenip düzülen «Awababy» mobil programmasy ene-atalara entek dilem açmadyk çagalarynyň näme üçin aglaýandygyna düşünmäge kömek edýär.

Bu ulgama takmynan 150 müň sany ses ýazgysy arkaly tälim berildi. Şoňa görä, algoritm bäbegiň sesiniň belentligini, tembrini we dowamlylygyny seljerip, agynyň ähtimal sebäbini anyklaýar.

Programma bäbegiň ajykmak, ukysy tutmak, ynjalyksyzlyk, ýeke galmak gorkusy, üşemek ýa-da yssylamak, içagyry we üns berilmegine bolan isleg ýaly 11 sany ýagdaýyny we islegini tapawutlandyrýar.

Şeýle-de ulanyjylar programma çagany köşeşdirmekde haýsy usullaryň kömek edendigi baradaky maglumaty hem goşup bilýärler. Ene-atalaryň öz tejribelerini paýlaşmaklary maslahatlaryň umumy binýadyny emele getirýär.

Synag döwründe eneler hatda bäbegiň näme üçin aglaýandygyna azda-kände düşünmegiň hem ýagdaýa has parahat çemeleşmäge kömek edýändigini bellediler.

20-nji aprelden başlap, Ýaponiýanyň Misima şäherinde iki ýaşyna çenli çagasy bolan maşgalalar üçin programmanyň premimum-wersiýasy mugt elýeterli bolar.


25.06.2026 10:21
4.6k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....