Mazary-Şarifde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň açyldy

  • 31.03.2026 22:13
  • 6.7k+

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, ýadygärligiň abatlaýyş işleri «Akýol» jemgyýetçilik we medeniýet guramasynyň başlygy Hajy Mohammad Haşim Wali Zadanyň başlangyjy hem-de Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň maliýe goldawy bilen amala aşyryldy.

Dabaraly çärä türkmen diasporasynyň wekilleri, Mazary-Şarif şäheriniň häkimi Abdul Rahman Hemmet, Owganystanyň DIM-iniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Möwlewi Aminuallah Sadyk, şeýle hem Türkmenistanyň Baş konsullygynyň işgärleri, din alymlary we medeniýet işgärleri gatnaşdy.

Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem tutuş dünýä medeniýeti we ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek üçin uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......