Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar

  • 26.03.2026 13:56
  • 1.7k+

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Alty aýlyk gysga möhletli wizanyň bahasy 127 funt sterlingden 135 funt sterlinge çenli ýokarlanar. Iki ýyllyk wizanyň bahasy 475 funt sterlingiň ýerine 506 funt sterling, bäş ýyllyk wizanyň bahasy 848 funt sterlingiň ýerine 903 funt sterling we on ýyllyk wizanyň bahasy 1059 funt sterlingiň ýerine 1128 funt sterling bolar.

Talyp wizasynyň bahasy 524 funt sterlingden 558 funt sterlinge çenli galar. Alty aýdan 11 aýa çenli möhletli hususy lukmançylyk wizasy 220 funt sterlingden 234 funt sterlinge çenli ýokarlanar.

Howa ýoly arkaly tranzit wizasy 39 funt sterlingiň ýerine 41,50 funt sterlinge, gury ýer arkaly tranzit wizasy bolsa 70 funt sterlingiň ýerine 74,50 funt sterlinge çenli ýokarlanar. Elektron syýahat rugsatnamasynyň (ETA) bahasy 4 funt sterling gymmatlap, 20 funt sterlinge ýeter.

Raýatlyk üçin töleg 1709 funt sterlinge, möhletsiz galmaga rugsat üçin töleg bolsa 3226 funt sterlinge çenli ýokarlanar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......