Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

  • 05.03.2026 21:17
  • 3.3k+

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi. Bu abraýly baýraklary gowşuryş dabarasy 20-nji aprelde Madridde geçiriler.

«Ýylyň iň oňat türgeni» diýen at ugrunda şestli belentlige bökmekde rekordlaryň eýesi Arman Dýuplantis, tennisçiler Karlos Alkaras we Ýannik Sinner, futbolçy Usman Dembele, motosikl ýaryşçysy Mark Markes hem-de welosipedçi Tadeý Pogaçar dagy bäsleşer. «Ýylyň zenan türgeni» kategoriýasynda bolsa tennisçi Arina Sobolenka, futbolçy Aýtana Bonmati, atletler Melissa Jefferson-Wuden, Feýt Kipýegon we Sidni Maklaflin-Lewron, şeýle-de suwda ýüzüji Keti Ledeki dagy hödürlendi. Ýatladyp geçsek, geçen ýyl esasy ugurlar boýunça baýraga Arman Dýuplantis bilen gimnastikaçy Simona Baýlz mynasyp bolupdy.

Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda «Ýylyň topary», «Ýylyň açyşy», «Ýylyň gaýdyp gelşi», «Ýylyň mümkinçiligi çäkli türgeni», «Haýyr-sahawat üçin sport» we «Ekstremal görnüşler boýunça ýylyň türgeni» ýaly ugurlarda ýeňijiler yglan ediler. «Laureus» baýragy 2000-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelýär we onuň ýeňijilerine altyndan hem-de kümüşden ýasalan, beýikligi 30 santimetr bolan ýörite heýkeljik berilýär. Şu wagta çenli bu baýraga iň köp mynasyp bolan türgen tennisçi Rojer Federerdir, onuň hasabynda jemi alty sany «Laureus» baýragy bar.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 17:37
4.9k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......