NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

  • 14.02.2026 17:27
  • 3.4k+

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi.
Uçarman barlaghanasy hökmünde F-15 kysymly söweşiji uçaryň esasynda döredilen F-15B barlag uçary ulanyldy. Synag döwründe uçaryň korpusynyň aşagynda CATNLF ganatynyň kiçeldilen modeli dikligine, ýagny uçaryň guýruk kili görnüşinde berkidildi. Takmynan 75 minut dowam eden uçuşda esasy wezipe goşmaça gurnama goýlan uçaryň hereketdäki howpsuzlyk meselesini barlamakdan ybarat boldy.

CATNLF tehnologiýasy çeňňek şekilli ganatlarda howanyň laminar akymyny saklamaga gönükdirilendir. Adaty şertlerde şeýle akym çaltlyk bilen turbulent akymyna öwrülýär, bu bolsa garşylygy we ýangyç sarp edilişini artdyrýar. Laminar we turbulent akymlaryň ganatyň ýüzüniň gyzyşyna dürliçe täsir edýändigi sebäpli maglumatlary toplamak üçin infragyzyl kamera ulanyldy,
«Ilkinji uçuş esasan uçuş diapazonyny giňeltmäge gönükdirildi. Biz barlag manýowrlaryna geçmezden ozal, modeliň dinamikadaky hereketleriniň howpsuzdygyna göz ýetirmelidik» diýip, taslamanyň ýolbaşçy barlagçysy Mişel Bançi düşündirdi.
NASA bu tehnologiýanyň täjirçilik uçarlarynda ulanmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin jemi 15-e çenli synag uçuşyny geçirmegi meýilleşdirýär.


20.02.2026 18:09
2.4k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

17.02.2026 09:29
4.2k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

13.02.2026 10:25
1.3k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...

28.01.2026 16:58
6.2k+

Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi...