Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

  • 12.02.2026 11:34
  • 2.1k+

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady.

​ABŞ-da kompaniýa 20 milliard dollarlyk obligasiýa satdy. Maýadarlaryň gyzyklanmasy uly bolup, isleg 100 milliard dollardan geçdi. Beýik Britaniýada Alphabet taryhynda ilkinji gezek bu bazara çykdy we 5,5 milliard funt sterling ýygnady. Şonuň içindäki 1 milliard funtlyk 100 ýyllyk obligasiýa IT pudagynda 1997-nji ýyldan bäri iň seýrek we iň uzak möhletli karz amaly boldy. Şweýsariýa bazarynda goşmaça 3 milliard şweýsar franky çekildi.
​Alphabet 2026-njy ýylda infrastrukturany ösdürmek üçin 185 milliard dollar harçlamagy meýilleşdirýär. Bu bolsa soňky üç ýyldaky jemi çykdajylardan hem köpdür. Kompaniýanyň ýyllyk girdejisi ilkinji gezek 400 milliard dollardan geçdi, hasabynda bolsa 127 milliard dollar nagt pul bar. Morgan Stanley-iň çykaran bahasyna görä, 2026-njy ýylda iri tehnologiýa ägirtleri jemi 400 milliard dollar töweregi karz serişdelerini çekip bilerler.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......