Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar

  • 12.02.2026 10:44
  • 1.5k+

Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir.
Indiana uniwersitetiniň neýrobiology Karin Harman Jeýms el bilen ýazmagyň beýniniň işini klawiaturada tekst ýazmakdan has işjeňleşdirýändigini belleýär. Geçirilen synaglaryň birinde, harplary el bilen ýazan çagalaryň beýnisinde okamak bilen bagly zolaklaryň işjeňleşendigi ýüze çykaryldy. Kompýuterde ýazan çagalarda bolsa şeýle ýagdaý hasaba alynmady.
Norwegiýanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetinden Odri wan der Meýer hem meňzeş netijä geldi. Onuň düşündirişine görä, el bilen ýazylanda çylşyrymly hereket nusgalary emele gelýär, klawiaturada bolsa diňe barmaklaryň birmeňzeş hereketleri gaýtalanýar. «Häzir mugallymlar hatda galam tutmagy hem başarmaýan çagalaryň mekdebe gelýändiginden şikaýat edýärler» diýip, ol muny mysal arkaly delillendirýär.
Bilim ulgamyny öwrenýän alym Wirjiniýa Berninger otuz ýyl bäri el ýazuwyny öwrenýär. Onuň barlaglarynda dördünji synpa çenli el ýazuwy bilen meşgullanan çagalaryň beýlekilerden has çalt ýazmagy başaryp, orfografik ýalňyşlary-da az goýberyändikleri belli boldy. Şeýle-de, el bilen ýazmak ünsüň jemlenmegine we barmaklaryň ownuk motorikasynyň ösmegine ýardam edýär.
Wan der Meýer beýniniň «ulanyň, ýogsa ýitirersiňiz» diýen ýörelge esasynda işleýändigini ýatladýar. Şonuň üçin hem barmaklaryň hereketini yzygiderli türgenleşdirmek möhümdir. 
«Meniň pikirimçe, el ýazuwy biziň medeni mirasymyzyň bir bölegidir. Geljekki nesiller söýgi hatlaryny, goşgulary ýa-da iň bolmanda, satyn almaly harytlarynyň sanawyny el bilen ýazmagy başarmalydyr» diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirýär.


05.06.2026 17:46
2.1k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.9k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......