Serdar Berdimuhamedow ýazky ekişi geçirmek boýunça wezipeleri belledi

  • 10.02.2026 10:44
  • 8.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebit maksatnamalaryny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T. Atahallyýew we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Iş maslahatynyň dowamynda sebitleriň ýolbaşçylary güýzlük bugdaýyň ýagdaýy we ýerleri ýazky ekişe taýýarlamak barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda galla ekinlerini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümi üçin ýerleri sürmek, tekizlemek we malalamak, şeýle hem tohum gaznasyny taýýarlamak we tehnikalary abatlamak işleri dowam edýär. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin agrotehnikanyň kadalarynyň we işleriň geçirilmeli möhletleriniň berk berjaý edilmegini tabşyrdy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada aýratyn görkezme berildi.
Şeýle hem, Prezident döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň hilini hem-de tertibini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......