Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener

  • 07.02.2026 12:58
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany şu ýylyň ýanwar aýynda bitirilen işleriň netijeleriniň ýurduň ösüşini görkezýändigini belledi. Ykdysadyýetiň pudaklarynda özgertmeler dowam edýär, önümçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, täze kärhanalaryň gurluşygyna we bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýumlar gönükdirilýär.
Prezident görkezilen döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim bolandygyny belledi. Nebitgaz, söwda we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda degişli işleriň alnyp barylýandygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynyň özgerdilmeginiň dowam edýändigi nygtaldy.
Tutuş ýurt boýunça senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, lukmançylyk we dynç alyş merkezleri, mekdepler hem-de çagalar baglary işjeň gurulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek we meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeleri kesgitläp, mejlise gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......