Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýanwar aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri jemlendi

  • 06.02.2026 23:48
  • 9.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hödürlenen hasabatlara görä, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy. Senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, söwda, oba hojalygy we hyzmatlar ulgamynda oňyn görkezijiler hasaba alyndy. Öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 10 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy bolsa 10,1 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 21,3 göterim ýokarlandy.
Nebitgaz pudagynda nebiti we gazy çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi. Oba hojalygynda önümçiligiň ösüşi, möwsümleýin meýdan işleriniň we ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleriniň dowam edýändigi bellenildi.
Gurluşyk we senagat ulgamynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi. Söwda, dokma senagaty we telekeçilik ulgamlarynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Ýanwar aýynda 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 361 şertnama hasaba alyndy.
Medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlaryna aýratyn üns berildi. Ýurtda bilim ulgamynda özgertmeler dowam edýär, mekdep okuwçylary we talyplar halkara olimpiadalarynda 62 medal gazandy. «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler hem alnyp barylýar.
Daşary syýasat gurşawynda ýanwar aýynda saparlar we gepleşikler, halkara duşuşyklary we maslahatlaşmalar geçirildi, şertnamalaýyn-hukuk binýady giňeldildi.
Döwlet Baştutany mejlisi jemläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini belledi we pudaklary ösdürmek hem-de öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
862

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......