ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar

  • 05.02.2026 11:56
  • 5.8k+

Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär.
33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar. Infeksiýa öýkenleri hatardan çykaryp, pnewmoniýanyň, sepsisiň we ýiti bronhial ýetmezçiliginiň döremegine sebäp bolýar. Bejerginiň peýdasyndan geçen, gaýta öýkenleriň özi ýokançlygyň çeşmesine öwrülýär. Has takygy, olary bedende saklamak, gönümel ölümi aňladýan derejä baryp ýetýär.
Şunlukda hirurglar ýaňy-ýakyna çenli mümkin däl diýlip hasap edilen çözgüde gelýärler we iki öýkeni hem bütinleý aýyrýarlar. Näsagy bolsa ABŞ-nyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde işlenip düzülen doly emeli öýken ulgamyna (TAL) çatýarlar. Ol gany kislorod bilen baýlaşdyryp, gan aýlanyşygyny dolandyrýar we ýürege düşýän agramy azaldýar.
Şeýlelikde, bu geň ykbally hassa, tä donor agzalary tapylýança 48 sagatlap öýkensiz ýaşaýar. Ondan soň bolsa transplantasiýa amala aşyrylýar.  
Bu wakadan bäri iki ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, lukmanlar oturdylan öýkenleriň kadaly işleýändigini aýdýarlar. 
Bu ýagdaý lukmançylykda örän uly öňegidişlik hasap edilýär. Çünki bu tehnologiýa öňler oturtmak mümkin däl hasap edilen öýkeni-de transplantasiýa edip bolýandygyny aňladyp, öýkeni agyr hem ýiti şikesli näsaglarda sagalmaga uly umyt döredýär.


24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......