ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...

  • 02.02.2026 08:40
  • 2.1k+

OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar.
OpenAI mahabat berijilerden her 1000 gezek görkeziliş üçin 60 dollar almagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň bäsdeşi Meta kompaniýasy sosial torlarda mahabaty takmynan üç esse arzan nyrhdan hödürleýär. 
Ýöne OpenAI gymmatlygynyň üstesine mahabat berijilere Google ýa-da Meta ýaly jikme-jik statistika bermäge-de heniz taýýar däldir. Mahabat berijiler ulanyjynyň öz mahabatlaryny görenden soň, ol babatda näme hereket edýändigini bilip bilmezler. Statistika diňe mahabatyň görlen we onuň salgysyna basylyp geçilen sany ýaly umumy maglumatlar bilen çäklener.
Elbetde wagt geçdigiçe mahabat berijiler üçin maglumatlaryň jikme-jikligi artdyrylar. Emma OpenAI başlangyç tapgyrda mahabaty işe girizende, ulanyjylaryň maglumatlaryny hiç wagt mahabat berijilere satmazlygy we çat-bot bilen bolan ýazyşmalaryň mazmunyny gizlin saklamagy wada beripdi. Ilkinji mahabatlar tiz wagtdan ChatGPT-niň mugt görnüşini ulanýanlara we iň arzan «Go» tarifiniň abunaçylaryna görkezilip başlanar. Gowy ýeri, kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylar munuň daşynda galdyrylar. Şeýle-de syýasat we ruhy saglyk ýaly irnik mowzuklar boýunça alnyp barylýan gürrüňdeşliklere mahabat girizilmez.


15.05.2026 10:46
1.7k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

07.05.2026 14:14
2.8k+

Pirelli tekerleri emeli aňyň kömegi bilen ýoluň örtügini seljermegi öwrener

Pirelli kompaniýasy Şwesiýanyň «Univrses» tehnologiýa firmasynyň 30% paýyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu şertnama kompaniýa özüniň «Cyber Tyre» platformasyna kompýuter görüşi we emeli aň tehnologiýalaryny......