BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi

  • 02.02.2026 02:24
  • 2.5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) okuw edaralarynda sagdyn we kadaly iýmitlenişi üpjün etmek boýunça ilkinji gezek ählumumy maslahatlary hödürledi. Gollanma bolup hyzmat edýän täze ýörelgeler çagalarda peýdaly iýmitleniş endiklerini kemala getirmäge we keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir.
Berlen maglumatlara görä, 2025-nji ýylda dünýäde çagalaryň semizlik derejesi ilkinji gezek agram ýetmezçiligi görkezijilerinden ýokary boldy. Geçen ýyl her onunjy mekdep okuwçysynyň semizlikden ejir çekýändigini, 391 mln ýetginjegiň bolsa artykmaç agramynyň bardygyny görkezdi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ýagdaýa görä, 104 döwlet sagdyn iýmitleniş syýasatyny girizdi, ýöne diňe 48 ýurt düzüminde duzy, şekeri we zyýanly ýaglary aşa köp saklaýan önümleriň marketingini çäklendirdi.
«Çagalaryň mekdepde iýýän naharlary we olaryň iýmitleniş medeniýetini kemala getirýän gurşaw okuwyň hiline ep-esli täsir edip biler, şeýle hem saglyga we umumy abadançylyga uzak möhletleýin täsirini ýetirer» – diýip, BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus belledi.
BSGG iýmit rasionyny gowulandyrmak üçin çagalara sagdyn iýmitleriň we içgileriň elýeterliligini ýokarlandyrmagy, şol bir wagtda zyýanly önümleriň mukdaryny azaltmagy maslahat berýär. Bu bolsa iýmitdäki şekeriň, trans-ýaglaryň we duzuň mukdarynyň azaldylmagyny, däneli ekinleriň, miweleriň, hozlaryň we kösüklileriň paýynyň bolsa artdyrylmagyny aňladýar.
Täze iýmit maslahatlaryny durmuşa geçirmek üçin BSGG ýurtlara tehniki kömek berer, tejribe alşar we hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini ösdürer.


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......