12 ýylda iň iri şertnama: Apple 2 milliard dollara ysraýylly Q.AI startapy satyn aldy

  • 31.01.2026 22:19
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy audio maglumatlary işläp taýýarlamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny döredýän Ysraýylyň Q.AI startapyny satyn alandygyny yglan etdi. Financial Times neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň resmi metbugat beýanatyny çap etmändigi sebäpli şertnamanyň jikme-jiklikleri entek nämälimligine galýar.
Gapdalky çeşmeleriň maglumatyndan çen tutsak, satyn alyş mukdarynyň bahasy takmynan 2 milliard dollar töweregidir. Bu Apple üçin seýrek ädimidir, çünki kompaniýa beýle uly möçberdäki şertnamalary örän seýrek baglaşýar. Hatda bu wakany Apple-iň taryhyndaky ikinji iri söwda diýip hasaplamak-da mümkin. Mundan has uly söwda, diňe 2014-nji ýylda Beats kompaniýasynyň 3 milliard dollara satyn alynmagy bolupdy.
Apple-iň Q.AI tehnologiýalaryny nähili görnüşde ulanmagy meýilleşdirýändigi belli däl. Bir belli zat, startapyň enjamlara pes sesli gepleşikleri, şol sanda pyşyrdylary has gowy tanamaga, şeýle-de çylşyrymly şertlerde (mysal üçin, güýçli fon ýa-da galmagal wagtynda) sesiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän maşyn öwreniş programmalarynyň üstünde işlemek bilen meşgullanýandygydyr.
Bilermenler şeýle çözgütleri Apple-iň geljekki audio önümlerinde ulanylyp bilinjekdigini belleýärler, emma muňa-da häzirlikçe resmi tassyklama ýok.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......