SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär.
Agentligiň maglumatlaryna görä, raketa öndürijisi xAI kompaniýasy bilen birleşmek mümkinçiligine seredýär. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň we düzgünleşdiriji edaralara hödürlenen iki sany resminamanyň görkezmegine görä, şertnama baglaşylan ýagdaýynda SpaceX raketalary, Starlink hemra ulgamy, X sosial ulgamy we Grok çat-boty bir düzümiň astynda jemlenip biler. Şertnamanyň bahasy, bolup biljek möhletleri we onuň esasy sebäpleri mälim edilmeýär.
Munuň bilen bir hatarda, SpaceX Maskyň eýeçiligindäki elektromobil öndürijisi Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini hem öwrenýär.
Deepwater Asset Management maýadar kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy we Tesla-nyň paýdary Jin Münster: «Meniň pikirimçe, xAI-iň ahyrynda şu iki tarapyň biriniň eline geçmegi örän ähtimaldyr» diýip belledi.
Polymarket seljeriş merkeziniň hasabyna görä, ýylyň ortasyna çenli SpaceX bilen xAI-iň birleşmek ähtimallygy 48%-e, Tesla bilen xAI-iň birleşmek ähtimallygy bolsa 16%-e deň. Mask, SpaceX, xAI we Tesla tarapyndan bu barada resmi teswir berilmedi. Birža daşyndaky söwdalarda Tesla-nyň paýnamalary 3% ýokarlandy.
Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
- şu gün 14:33
- 2.5k+