Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnukly işini üpjün etmegi tabşyrdy

  • 27.01.2026 00:12
  • 10k+

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebitlerde dowam edýän möwsümleýin işleriň gidişi bilen bagly meselelere garaldy.
Welaýat häkimleri we wise-premýer güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, ekerançylaryň tohum we tehnika bilen üpjünçiligi, şeýle-de ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ähli sebitlerde ýerleri sürmek, tekizlemek we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we gaýtadan işlemek boýunça işler dowam edýär.
Iş maslahatynyň dowamynda gyş möwsüminde ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, şeýle hem ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegi baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, häkimler döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet baştutany hasabatlary diňläp, oba hojalygynyň ýurduň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýedigini nygtady we agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişine, möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow täze gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......