24-nji ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

  • düýn 13:24
  • 1.8k+

24-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.

Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-19-20,
39-19-21.


düýn 13:41
1.3k+

20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär

20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär...

19.01.2026 23:42
1.2k+

Raşid Meredow Awstriýanyň federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi...

19.01.2026 23:11
6k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün, 19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

19.01.2026 22:50
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede jemi bahasy 10 mln dollara golaý bolan geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...