Beýni bize hakyky däl-de, özüne oňaýly bolan görnüşi görkezýär

  • 14.01.2026 10:20
  • 2.7k+

Beýni diňe duýgy organlaryndan duýduryşlary kabul etmeýär, ol olary mazaly işläp, üstüni ýetirýär we bolup geçýän zatlaryň aýdyň we oňaýly keşbini döredýär. Alymlaryň gelen bu netijesi «Nature Neuroscience» žurnalynda çap edildi.

Makalada beýniniň esasy görüş gatlagynyň (V1 meýdany) süzgüç hökmünde hereket edýändigi aýdylýar. Ol gözlerden maglumaty gönümel usulda geçirmeýär, gaýtam, ony geçmişdäki tejribä we dogabitdi duýgurlyga esaslanyp özüçe düşündirýär.  Bu beýniniň çalt karara gelmegine we her bir duýduryşyň  jikme-jik seljermesine wagt ýitirmezligine  kömek edýär. Şeýle ýagdaý, aýratyn-da, adam howp bilen ýüzbe-ýüz bolanda möhümdir.
Synag Seul Milli Uniwersitetiniň Neýrobiologiýa kafedrasynyň dosenti, professor Hýoýeon Şiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy işgärler topary tarapyndan geçirildi.
Alymlar alty sany syçanyň beýnisindäki görüş gatlagynyň bir kiçi bölegine lazer ulanmak arkaly synag etdiler. Netijede, syçanlar özlerini hakykatda ýok zatlary görýän ýaly alyp bardylar. Bu bolsa, öz gezeginde çäkli sanly neýronlaryň işjeňleşdirilmeginiň has giň gerimli görnüş döredýändigini we onuň güýçli täsir edýändigini tassyklady. Las-Wegasdaky Newada uniwersitetiniň psihologiýa boýunça professory Jeýms Haýman bu ýagdaýy beýniniň dünýäniň hakyky görnüşine däl-de, onuň özüne peýdaly we oňaýly bolan görnüşine mätäçdigi  bilen düşündirýär. 
Barlaglardan çen tutsaň, hakykatyň ýoýulmagy iň irki tapgyrlarda – görnüşiň  görüş gatlagyna ýeten wagtynda başlanýar. Beýni duýduryşlary süzgüçden geçirýär we özüçe düşündirýär, şeýdibem howaýylyk döredýär. Hut şonuň üçin hem adamlar dünýäni özbaşdak,  beýniniň düşündirişi bolmazdan görüp bilmeýärler.


düýn 16:45
2.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
2.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.6k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
946

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......