Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

  • 08.01.2026 21:04
  • 4.8k+

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy. Munuň sebäbi mümkin bolan bulaşyklyk we Unibev fransuz içgi öndürijisinden degişli arzanyň bardygy boldy.

Tesla rulsuz, iki orunlyk Cybercab prototipini 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda We, Robot çäresinde hödürledi. Şol wagt Ilon Mask 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde önümçilige başlamak meýilnamalary barada aýtdy. Ýöne haryt nyşany üçin arza 2025-nji ýylyň noýabrynda, köpçülikleýin tanyşdyrylyşdan soň berildi. Unibev bolsa şeýle arzany amerikan awtoulag kompaniýasyndan öň tabşyrdy.
Electrek neşiriniň maglumatlaryna görä, «Unibev haryt nyşanlaryny ele almak ýoluny ulanýar we göräýmäge, Tesla garşy nägileligi bar ýaly». Kompaniýa ABŞ-da üç sany Teslaquila haryt nyşanyna eýeçilik edýär – ozal şeýle at bilen Tesla tekila çykarmagy meýilleşdiripdi.
Bu Tesla-nyň sürüjisiz awtomobilleriň ady bilen bagly ilkinji dawasy däl. USPTO tomusda Robotaxi brendini has umumy hasaplap, hasaba almakdan ýüz öwürdi. Tesla kompaniýasy Cybercab bilen bagly çözgüde garşy çykmaga çalyşdy, ýöne bu netije bermedi.
Electrek-iň maglumatlaryna görä, Maskyň kompaniýasy Unibev bilen gepleşikleri geçirýär, ýöne ylalaşyk entek gazanylmady.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....