Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

  • 07.01.2026 10:53
  • 3.5k+

Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär.

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat relizine görä, çäklendirme düzüminde duz, şeker we ýag aşa köp bolan 13 önüm kategoriýasyna degişlidir. Täze düzgünleriň berjaý edilmegine gözegçilik Mahabat standartlary boýunça edara (ASA) tarapyndan alnyp barylýar. Mahabatlandyrmak üçin gadagan edilen önümleriň sanawyna sendwiçleriň islendik görnüşi, brezel we «esasan, gurak ertirlik tagamlary bölüminde satylýan ähli önümler» girdi.
Mahabat pudagynyň wekilleri bu talaplary oktýabrda meýletin berjaý edip başlady. Geçen Roždestwo baýramçylygynda wideolarda konditer önümleriniň deregine gök-önümler we miweler görkezildi.
Degişli edaranyň çaklamalaryna görä, täze düzgünler çagalar tarapyndan kaloriýanyň sarp edilişini ýylda 7,2 mlrd azaltmaga we semizlik hadysasyny 20 müň birlik azaltmaga kömek eder. Bu hem saglygy goraýyş ulgamynyň býujetine, takmynan, 2 mlrd funt sterling tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Bu üýtgeşmeleriň zerurlygy statistika bilen delillendirilýär: Angliýanyň başlangyç mekdeplerinde okuwçylaryň 22,1%-inde artykmaç agram ýa-da semizlik bolup, okuwyň ahyryna çenli bu görkeziji 35,8%-e ýetýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......