Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy

  • 29.12.2025 16:17
  • 2.2k+

Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär.

Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, elektron aýdym-saz milli mirasda mynasyp ornuny tapdy. Edara ýolbaşçysy gijeki klublaryň indi resmi taýdan «çeper beýanyň ýerleri» hökmünde kesgitlenýändigini belledi.
Žanryň medeni ähmiýetini ykrar etmek prosesi Daft Punk, Justice, Air, Cassius we Phoenix ýaly sungat işgärleriniň döredijiligi bilen baglanyşyklydyr. Fransiýada žanryň ösmeginde 1976-njy ýylda sintezatoryň ulanylmagy bilen ýazylan Žan-Mişel Žarryň «Oxygène» albomynyň uly roly bar. Ol tutuş žanryň ösüş ugruny kesgitledi.

«Bu çözgüt – taryhy pursat» – diýip, köp ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň hoşniýetli ilçisi bolan sazanda belledi.  


25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......