ChatGPT her ulanyjy üçin ýylyň jemini görkezip başlady

  • 27.12.2025 16:30
  • 2.3k+

ChatGPT-de indi Spotify Wrapped ýaly şahsy ýylyň jemini jemlemek funksiýasy peýda boldy. Täze gural «ChatGPT bilen ýylyňyz» adyny aldy we häzirlikçe birnäçe ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çäkli ulanyjylar üçin elýeterlidir.

Funksiýa mugt ulanyjylar, şeýle-de Plus we Pro agzalary üçin açyk. Ýöne sazlamalarda «Kontekst üçin ýatlamalary saklamak» we «Kontekst üçin çat storisini ulanmak» opsiýalary işjeňleşdirilen bolmaly. Mundan başga-da, bot bilen söhbetlerde işjeňligiň bellibir derejesi saklanmaly. Team, Enterprise we Education ulanyjylary üçin funksiýa elýeterli däl.
«ChatGPT bilen ýylyňyz» funksiýasy beýleki programmalardaky ýyllyk hasabatlaryna meňzeşdir. OpenAI ulanyjynyň ýylyň dowamynda çat-bot bilen gatnaşygyna esaslanan ýiti wizual elementleri, şahsylaşdyrylan maglumatlary we wirtual «baýraklary» ulanýar.
Ýylyň jemi jemlenende ChatGPT ulanyjyny gyzyklandyran esasy temalary görkezýän goşgyny we suraty hem döredýär.
Funksiýanyň programmanyň baş sahypasynda agzalýandygyna garamazdan, ol awtomatik işe girizilmeýär. Oňa ChatGPT-niň web-wersiýasy, şeýle-de Android we iOS üçin mobil goşundylar ýa-da gönüden-göni çat-bota ýüzlenmek arkaly girip bolýar.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......