Niderlandlaryň KLM Royal Dutch Airlines awiakompaniýasy uçarlara hyzmat etmek üçin ilkinji Goldhofer elektrik tirkeg ulaglaryny ulanylyşa girizdi. Täze tehnika Amsterdamdaky Shiphol howa menzilinde, ýurduň iň uly howa merkezleriniň birinde işläp başlady.
Elektrik tirkeg ulaglarynyň peýda bolmagy KLM-iň zyňyndy derejesini nola getirmek strategiýasynyň bir bölegi boldy. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli ýerüsti hyzmat ulaglaryny doly batareýa energiýasyna geçirmegi meýilleşdirýär. Bu diňe bir uçar tirkeýji ulaglara däl, eýsem ýangyç guýujy, gar arassalaýjy, ýangyn-halas ediş ulaglary we beýleki ýörite tehnika degişlidir.
Perronlardaky, uçar ýollaryndaky we duralgalardaky işler üçin KLM kem-kemden dizel ulaglaryny çalyşýan Goldhofer Phoenix AST2E elektrik tirkeg ulaglaryny ulanýar. Olar hem uly bolmadyk uçarlary, hem Boeing 777 ýaly uly uçarlary itekläp we çekip bilýär.
Tirkeg ulaglary sessiz diýen ýaly işleýär, bu hem işgärleriň iş şertini gowulandyrýar. Sürüjiler üçin rahat iş orny we oturgyjyň 180 gradus aýlanmagy göz öňünde tutuldy.
Ulaglar 80, 160 ýa-da 240 kWt/sag sygymly 700 wolt naprýaženiýaly litiý-ion akkumulýatorlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu hatda uçuş massasy 350 tonna ýetýän Boeing 777 bilen işlemek üçin hem ýetýär. Şol bir wagtyň özünde, tirkeg ulagynyň öz agramy, takmynan, 18 tonna barabar.
