Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy

  • 16.12.2025 19:27
  • 5.6k+

Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we Mikrobiologiýa ylmy-derňew merkezine degişli bolan mRNK-preparatlary öndürýän fabrika onkologiýa kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenen sanjymyň ilkinji üç synag tapgyryny üstünlikli çykardy. Bu barada merkeze ýolbaşçylyk edýän Aleksandr Ginsburg W.P.Iwannikow adyndaky Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ulgamlaýyn programmirleme institutynda geçirilen maslahatda çykyş edip habar berdi.

Ginsburg fabrigyň gurluşygyna bölünip berlen serişdeleriň onuň doly enjamlaşdyrylmagy üçin ulanylandygyny tassyklady. Indi öndüriş diňe bir gurlup gutarmak bilen çäklenmän, eýsem preparatyň ilkinji üç sany tassyklama tapgyryny hem öndürdi.
Gamaleýa merkeziniň ýolbaşçysynyň TASS agentligine beren beýanynda: “Iň esasy zat, biziň esasy onkologiýa merkezimiz bolan Gersen merkezinde, akademik [Andreý] Kapriniň ýolbaşçylygynda tehnologiýany ulanmak üçin – diagnozdan başlap mRNK-ny çykarmaga we hassalara ulanmaga çenli ähli rugsat beriji resminamalar toplumy alyndy” diýip belleýär.

Mundan öň, RF-niň Saglygy goraýyş ministrligi iki sany täze dörän çişe garşy serişdäni ulanmaga rugsat beripdi. Olaryň arasynda, melanomany bejermek üçin niýetlenen, şahsylaşdyrylan mRNK-sanjymy “Neoonkowak” hem bar. Bu preparat Gamaleýa adyndaky ylmy-derňew merkezi, Blohin adyndaky Onkologiýa Milli lukmançylyk barlag merkezi (NMITs) bilen bilelikde işlenip düzüldi we kesilen ýa-da metastazly melanomadan ejir çekýän uly ýaşly hassalary bejermek üçin RF-niň Saglygy goraýyş ministrliginiň Radiologiýa Milli lukmançylyk barlag merkezi tarapyndan öndürildi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......