Kapitansyz gämi: Ýaponiýa dünýäde ilkinji awtonom ýolagçy gämisini işe girizdi

  • 14.12.2025 10:54
  • 5.7k+

Ýaponiýanyň günbatarynda awtonom nawigasiýa tehnologiýasyny ulanýan dünýäde ilkinji ýolagçy gämisi peýda boldy. Olympia Dream Seto atly gämi Okaýama bilen Sýodosima adasynyň arasynda gatnap başlady diýip, Kyodo agentligi habar berýär.

Gämi döwlet ygtyýarnamasyny alandan soň, ýarym awtonom režimde işe başlady diýip, gämi gatnawynyň meseleleri bilen meşgullanýan Nippon Foundation gaznasy belleýär.
Gaznanyň ýerine ýetiriji müdiri awtonom gäminiň işe girizilmeginiň Ýaponiýada işçi güýjüniň ýetmezçilik etmek meselesine çözgüt bolup biljekdigini we ýolagçylary uzak adalara gatnatmaga kömek etjekdigini belledi.
Synaglar gäminiň öňde barýan gämini “görmäge” we ugruny özbaşdak üýtgetmäge ukyplydygyny görkezdi.
Bu başlangyç Nippon Foundation gaznasynyň we 50-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda ekipažsyz gämileri täjirçilik taýdan ulanmak boýunça has uly taslamanyň bir bölegidir. Şeýle tehnologiýalaryň ulanylmagy logistikany kämilleşdirip, deňiz heläkçilikleriniň sanyny azaldar diýlip garaşylýar.
2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli ýene üç gäminiň, şol sanda meňzeş awtonom dolandyryş funksiýalary bolan konteýner gatnadyjy gäminiň täjirçilik ulanylyşyna başlamak meýilleşdirilýär. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......