Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

  • 13.12.2025 12:37
  • 8k+

12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

"Siziň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagyňyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna goldawyňyzyň hem-de parahatçylyk ýörelgelerine berýän möhüm ünsüňiziň güwäsidir" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzy köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.


şu gün 11:28
192

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......