Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar

  • 13.12.2025 02:33
  • 6.4k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi.

– Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategiki garaýyşlary we daşary syýasy çemeleşmeleri ýakyndyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýarys – diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.

Şeýle hem çykyşynyň dowamynda özbek Lideri häzirki zaman şertlerinde parahatçylygyň hem-de özara dialogyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Özbegistan bu başlangyjy doly goldady hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalarynyň awtordaşlarynyň biri boldy.

– Biz bu başlangyja ýurtlary birleşdirýän, gapma-garşylygy aradan aýyrýan we meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge mümkinçilik döredýän, halklaryň jebisleşmegi we hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy platforma hökmünde garaýarys – diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy.

Şeýle hem çykyşda Türkmenistanyň energetika we suw diplomatiýasy, durnukly ulag baglanyşyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygy boýunça halkara başlangyçlarynyň ählumumy abadançylygy üpjün etmekdäki orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň halkara ähmiýetine üns çekildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy abadançylygyň esasy bolup durýandygyny aýdyp, bu gymmatlyklary pugtalandyrmagyň halkara bileleşiginiň ileri tutulýan wezipesi bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň bu ugurda mundan beýläk hem öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......