Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär

  • 13.12.2025 01:32
  • 4.1k+

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. 

Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi.

Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk, ynanyşmak we dialog taglymlaryny ilerletmek arkaly halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýäris. Ermenistan Respublikasy Türkmenistanyň BMG-de bu ugurdaky başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Parahatçylyk dialogy, adalatlylygy, adam hukuklaryny we mertebesini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalary talap edýär. Döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmagyň döredilmegi parahatçylygy durnukly edýän binýatdyr, diýip Prezident Waagn Haçaturýan nygtady.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemek bilen dialog, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmäge ygrarlydygymyzy tassyklalyň diýip, Ermenistanyň Prezidenti çykyşyny jemledi.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......