Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

  • 13.12.2025 01:06
  • 2.8k+

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň sebitleýin meseleleri çözmekde goşýan uly goşandyna ýokary baha berilýär. Häzirki zaman şertlerinde açyk dialog, birek-birege goldaw bermek we utgaşykly hereket etmek has zerurdyr. Türkmenistanyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli orny Merkezi Aziýada parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk üçin möhüm şertleri döretdi. Munuň aýdyň mysaly — Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak yyly diýip yglan etmegidir. Gyrgyz Respublikasy bu başlangyja ýokary baha berdi we onuň işjeň tarapdary bolup çykyş etdi.
Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belläp, şol forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara halkara goldawyny güýçlendirmek, ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek we infrastruktura durnuklylygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädim bolandygyny aýtdy.

– Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk esasynda alyp barýan syýasaty durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň berkarar bolmagynyň netijeli binýady bolup biljekdigini aýdyň görkezdi diýip, belent mertebeli myhman belledi hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady we ýurdumyza ösüşiň täze sepgitlerine ýetmegi arzuw etdi.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......