Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldaýar – Rejep Taýyp Ärdogan

  • 13.12.2025 00:04
  • 5.8k+

Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň iň bir çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda aýtdy.

“Türkiýe we Türkmenistan umumy taryhy bolan doganlyk ýurtlardyr. Türk we türkmen halklary bir kökden gaýdýan iki doganlyk halkdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe, şeýle hem onuň hemişelik Bitaraplygyny goldanlaryň ilkinjileriniň hataryndadyr” diýip, Ärdogan belledi.

Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldamak bilen ähli ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürýär, raýdaşlygy pugtalandyrýar. Biz maýa goýum, söwda, energetika we beýleki ulgamlardaky tagallalarymyzyň üstüni berk ynsanperwer gatnaşyklary bilen ýetirýäris diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi we Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti öz çykyşynda halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri barada belläp geçdi.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......