Gyşyň uly çille döwri başlandy: ol kyrk günläp dowam eder

  • 09.12.2025 10:33
  • 12k+

8-nji dekabrdan gyşyň garagyş döwri tamamlanyp, uly çille döwri başlandy. Ol 17-nji ýanwara çenli dowam eder.

"Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly,  «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz...» diýýän türkmen uly çilläniň dowam edýän döwründe örän seresap, hüşgär bolmagy ündeýär. Sebäbi çarwany malsyz, daýhany ekinsiz goýup bilýän uly çille kyrk günläp dowam edýär. Onuň -10... -15 derejä ýetýän aýazly gijelerinde tejribeli çopanlar mallaryny gyşda 25 — 30 santimetr galyňlykdaky mal dersiniň üstünde ýatyrýarlar. Ertirlerine ätiýaçlykdaky gurak otlardan berip, Gün gyzdyryp, meýdan otlarynyň doňy çözülenden soňra mallary örä çykarýarlar.
Uly çillede garyň ýagmagyny ata-babalarymyz gowulyga ýorupdyrlar. «Çille gary — ýeriň gany» diýmek bilen, gar suwunyň, ýagyş-ýagmyryň bu döwürde toprak üçin peýdalydygyny ýatladypdyrlar. Eger-de islenilişi ýaly, uly çille garly, ýagyşly gelse, onda ýazda, tomusda ekinlerden bol hasyla garaşyber. Gyşda ýeriň Güne tomusky ýagdaýyndan 5 million kilometr golaýlaşýandygyna garamazdan, Gün şöhlesiniň gytaklaýyn düşýändigi hem-de gyş gününiň gysgalygy üçin ýeriň üstüni gyzdyryp ýetişmeýär.
Uly çilläniň maýyl hem-de ýagynsyz gelýän ýyllary-da bolýar. Şeýle ýagdaýda ata-babalarymyz «Gyş soňuna syrykdy» diýipdirler.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......