Moda dizaýneri dünýädäki iň gara matadan köýnek döretdi: ol ähli ýagtylygy diýen ýaly özüne siňdirýär

  • 08.12.2025 06:09
  • 7.4k+

Kornell uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary häzirki güne çenli mälim bolan matalaryň içinde iň garasyny işläp düzdüler. Täze gara materialyň ýagtylygy yzyna serpikdiriş koeffisienti bary-ýogy 0,13%. Barlagçylar ultra-gara ýelekli täsin galkanly guşlaryň (Ptiloris magnificus) horazynyň ýelek gurluşyndan ylham aldylar.

Bu açyş Nature Communications žurnalynda çap edilen makalada beýan edildi. Barlagçylar Täze Gwineýanyň we Awstraliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky tropiki tokaýlarda ýaşaýan bu guşlaryň horazynyň ýelek gurluşyny öwrendiler. Olaryň ýeleginiň adaty bolmadyk garalygy gara pigment melanin bilen ýörite ýelek gurluşynyň utgaşmagy netijesinde ýüze çykandygyny anykladylar: gür ýerleşen tüýler ýagtylygy içine döwýär. Bu ýeleklere ähli düşýän ýagtylygy diýen ýaly siňdirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa guşuň "garalygyny" aýratyn edýär.
Bu täsiri emeli usulda döretmek üçin alymlar ak merinos ýüňünden dokalan trikotaž matany melaniniň sintetiki analogy bolan polidofamin bilen boýadylar. Polidofaminiň süýümlere doly siňmegini üpjün etmek üçin mata plazma kamerasynyň içinde işlenildi. Netijede, materialyň üstünde nanofibriller diýlip atlandyrylýan nanoölçegli ösüntgiler emele geldi. Hut şolar ultra-gara ýelekleriň täsirini imitirleýär, öz aralarynda ýagtylygy siňdirýär we daşky gurşawa şöhlelenmeginden saklaýar. Şol bir wagtda ultra-gara täsir matany 60 derejeli burç bilen synlanyňda-da saklanyp galýar.
Alnan ýüň matany ulanyp, geýim dizaýny fakultetini golaýda tamamlan uçurymy Zoi Alwares galkanly guşdan ylhamlanan, döşi gök-ýaşyl goýulan ýerli bretelsiz köýnek döretdi. Köýnegiň suratlary materialyň aýratyn "garalygyny" tassyklamak üçin ulanyldy.
Barlagçylar şeýle ultra-gara matanyň pagta we ýüpek ýaly dürli süýümlerden öndürilip bilinjekdigini we diňe egin-eşik dizaýnynda däl, eýsem tehnologiýada hem ulanylyp biljekdigini bellediler. Mysal üçin, ol Gün panellerine siňdirilen ýagtylygy ýylylyk energiýasyna öwürmäge kömek edip biler.


31.10.2024 14:20
12k+

Ýeriň mantiýasy ikä bölünipdir: Awstraliýanyň we Hytaýyň alymlarynyň açyşy

Awstraliýaly we hytaýly alymlar Ýeriň mantiýasynyň iki uly domene: Afrika we Ýuwaş ummanyna bölünendigini anykladylar.  “Nature Geoscience” žurnalynda çap edilen gözleg netijeleri bu hadysany Pangeýa we Rodiniýa...

16.04.2026 22:53
1.7k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.4k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....