Ýeriň mantiýasy ikä bölünipdir: Awstraliýanyň we Hytaýyň alymlarynyň açyşy

  • 31.10.2024 14:20
  • 12k+

Awstraliýaly we hytaýly alymlar Ýeriň mantiýasynyň iki uly domene: Afrika we Ýuwaş ummanyna bölünendigini anykladylar.  “Nature Geoscience” žurnalynda çap edilen gözleg netijeleri bu hadysany Pangeýa we Rodiniýa ýaly gadymy superkontinentallaryň emele gelmegi we dargamagy bilen baglanyşdyrýar diýip, “Live Science” ýazýar.

Afrika domeni Aziýa, Awstraliýa, Ýewropa we Atlantika sebitini, Ýuwaş umman domeni bolsa Ýuwaş umman sebitlerini öz içine alýar. Gözlegçileriň pikiriçe, domenler geologiki işjeňlige täsir edýän Ýuwaş ummanynyň halkasy bilen bölünýär.
Afrika domeniniň aýratynlygy Ýuwaş ummanyňky bilen deňeşdirilende, elementleriň has köp izotopiki düzümi bilen tapawutlanýar. Bu superkontinentiň emele geliş siklini görkezýär. Açyşyň awtorlarynyň bellemegine görä, superkontinent Rodiniýa, takmynan, 1,2 milliard ýyl ozal döräp, takmynan, 750 million ýyl ozal hem dargapdyr. Ondan soň, takmynan, 335 million ýyl ozal dörän we 200 million ýyl mundan ozal ýok bolan superkontinent Pangeýa emele gelipdir.
Pangeýa bölünenden soň, mantiýanyň çuň gatlaklarynda dürli elementler we olaryň izotoplary saklandy.  Olar subduksiýa prosesinde - bir litosfera plastinkasynyň beýlekisine süýşmegi bilen bu etapdan geçdiler.
Bu gözleg işleri mantiýanyň we planetanyň üstündäki özara täsirlere, şol sanda mantiýanyň çuň sebitlerinden gyzgyn mantiýa materialynyň köpelmegi bilen baglanyşykly superkontinentiň bölünmeginiň sebäplerine düşünmegimize ýardam edýär.  Olara başgaça mantiýa "bölekleri" (owuntyklary) hem diýilýär.
Bu bilim mantiýada jemlenen gymmatly seýrek ýer elementlerini gözlemekde kömek edip biler diýip, gazeta.ru ýazýar.


08.12.2025 06:09
7k+

Moda dizaýneri dünýädäki iň gara matadan köýnek döretdi: ol ähli ýagtylygy diýen ýaly özüne siňdirýär

Kornell uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary häzirki güne çenli mälim bolan matalaryň içinde iň garasyny işläp düzdüler. Täze gara materialyň ýagtylygy yzyna serpikdiriş koeffisienti bary-ýogy 0,13%. Barlagçylar ultra-gara ýelekli täsin galkanly guşlaryň (Ptiloris magnificus) horazynyň ýelek gurluşyndan ylham aldylar...

23.11.2025 00:49
4.7k+

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär...

02.07.2025 11:27
7.7k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

07.05.2025 12:01
7.2k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär...