Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

  • 06.12.2025 10:31
  • 14k+

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçirilen barlaglarda, 2025-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Garabogaz, Farap we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda eksport we üstaşyr maksatly ýükleri daşaýan awtoulaglaryň gümrük amallary üçin sarp edilýän wagty Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň gümrük nokatlary bilen deňeşdirildi. Bu seljermä görä, Türkmenistanyň gümrük nokatlaryndan awtoulaglaryň geçiş wagty ortaça 37 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýar.  Mysal üçin: Gazagystan – 1 sagat 30 minut, Täjigistan – 1 sagat 40 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 44 minut, Özbegistan – 1 sagat 10 minut.
Gümrük serhetlerinde ulaglaryň nobatlylygy boýunça geçirilen seljermelerde hem, ýurdumyzyň gümrük nokatlarynyň görkezijileri ýokary bolup durýar. Ýagny, ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň nobata durýan wagty 35 minuda çenli bolup, bu görkeziji Gazagystanda 2 günden gowrak, Täjigistanda – 1 sagat 15 minut, Gyrgyzystanda – 40 minut, Özbegistanda – 12 sagat 20 minuda çenli bolup durýar.
Bu görkezijiler Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......