Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

  • 22.11.2025 14:07
  • 4.1k+

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýjy önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri bar. Goňşy ýurduň sergä gatnaşýan düzümleriniň sanawy Eýran Yslam Respublikasynyň gaýtadan işleýän senagatynyň we goňşy ýurduň işewür düzümleriniň geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda eýeleýän ugurlary pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär.
22-nji noýabra çenli dowam etjek eksport mümkinçilikleriniň sergisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem sergä gatnaşýan kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin maglumat alarlar.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......