Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa we Wengriýa ýaşlary okuwa ibermek barada degişli işleri geçirmegi tabşyrdy

  • 22.11.2025 10:34
  • 6.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldady. 

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda bilim alýandyklaryny aýtdy hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 09:44
1.6k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
3.9k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.1k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......