Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň “Ýol kartasy” taýýarlanyldy

  • 22.11.2025 09:59
  • 4.1k+

Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu resminama ýurdumyzda sanly aktiwleriň bazarynyň ygtybarly esasda hereket etmegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutup, bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, olaryň möhletlerini, jogapkär edaralary belleýär. “Ýol kartasynda” halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, synag taslamalaryny geçirmek ýaly ugurlar kesgitlenilýär. Mundan başga-da, taslamada kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we degişli ugurlarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......