Italiýa ymykly tomusky wagta geçmek isleýär

  • 21.11.2025 23:26
  • 5.3k+

Italiýa ymykly tomusky wagta geçmek prosesini işe girizýär. Bu sagatlaryň indi ýylda iki gezek üýtgedilmejekdigini aňladýar. Parlamente bu başlangyjy goldamak haýyşy bilen 352 müň gol goýlan arza tabşyryldy.

Deputatlar şeýle geçişiň energiýanyň sarp edilişine, daşky gurşawa, raýatlaryň saglygyna we howpsuzlygyna nähili täsir etjekdigine baha berer. Bu başlangyç Italiýanyň ekologiki lukmançylyk jemgyýeti (SIMA) tarapyndan goldanyldy. Eger ol tassyklansa, 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hemişelik tomusky wagt barada kanuny teklip taýýarlanar.
Bilermenler tomusky wagta geçmegiň, takmynan, 720 mln kilowatt/sagat elektrik energiýasyny we ýylda 180 mln ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berjekdigini belleýär. Şeýle-de, söwdanyň we restoranlaryň işiniň ösmegine, syýahatçylyk möwsüminiň uzamagyna we howpsuzlygyň ýokarlanmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, bu adamlaryň saglygyna oňyn täsir eder.
Italiýada tomusky wagt 1966-njy ýylda girizildi, soňra ony Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi kabul etdi. Ilkibaşda bu energiýany tygşytlamak we gündiziň ýagtylygyny has köp ulanmak üçin edildi. 2018-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň jemgyýetçilik geňeşmelerinde gatnaşyjylaryň, takmynan, 84%-i wagtyň möwsümleýin üýtgedilmeginiň ýatyrylmagyny goldady, Ýewroparlament bolsa 2019-njy ýylda ýurtlara saýlamak erkinligini berýän direktiwany makullady, ýöne gutarnykly çözgüt entek kabul edilmedi. 


16.04.2026 14:57
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....

15.04.2026 11:38
1.1k+

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

30.11.2025 22:01
2.7k+

Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Rimde möhüm senelere bagyşlanan çärelere gatnaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýada ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň...

24.11.2025 14:23
12k+

Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar

Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi...