Dubaýda Joby howa taksisi ilkinji gatnawyny amala aşyrdy

  • 21.11.2025 23:28
  • 10k+

Joby Aviation amerikan kompaniýasy BAE-de iki nokadyň arasynda özüniň elektrik uçýan enjamynyň ilkinji adamly uçuşyny amala aşyrdy. Dik uçuş enjamy Margamdaky synag bazasyndan uçup, Al-Maktum halkara howa menziline gondy – uçuş 17 minut dowam etdi diýip, Business Wire habar berýär.

Bu uçuş tehnologiýanyň adaty uçarlar we dikuçarlar bilen birlikde täjirçilik ulanylyşy üçin taýýardygyny görkezdi. Dronlardan tapawutlylykda, uçýan enjam adam tarapyndan dolandyryldy we awiasiýa düzgünlerini berjaý etdi. Kompaniýa her gün Dubai Airshow 2025 sergisinde on müňlerçe tomaşaçynyň öňünde görkeziş uçuşlaryny geçirýär. 
Şol bir wagtyň özünde, Joby bilen Dubaýyň Ýol we ulag edarasy (RTA) dik uçuş we gonuş üçin üç sany täze meýdançanyň guruljakdygy barada habar berdi. Olar Dubai Mall-da, Atlantis the Royal-da we Dubaýyň Amerikan uniwersitetiniň ýanynda peýda bolar. Dubaýyň Halkara howa menzilindäki meýdança bilen birlikde dört stansiýa aerotaksi üçin ilkinji gatnaw ulgamyny emele getirer. Ilkinji meýdança eýýäm 60% taýýar we ýylda 42 müň gonuşa hem 170 müň ýolagça niýetlenýär.
Joby elektrik aerotaksisi ýol wagtyny azaldýar – mysal üçin, howa menzilinden Palm-Jumeýra çenli ýol 45 minutyň deregine 10 minut töweregi wagt alýar. Enjam batareýada işleýär, şol sebäpli zyýanly gaz goýbermeýär. Birnäçe elektrik hereketlendirijisinden ybarat ulgam bolsa howpsuzlygy ýokarlandyrýar. Täjirçilik gatnawlary 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde başlar. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......