Aşgabatda bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

  • 21.11.2025 13:10
  • 3.9k+

20-21-nji noýabrda Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi diýip, TDH habar berýär.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi. Toparyň ýolbaşçylary özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat edinýärler. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi dürli ugurlarda bilelikde hereketleri netijeli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. Türkmenistanyň “KamAZ”, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.


düýn 14:38
1.8k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....