Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 19.11.2025 11:17
  • 1.3k+

18-nji noýabrda Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Diplomat Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Serdar Berdimuhamedowy ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutany medeni-ynsanperwer ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Şol gün Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....