Dubaýda dünýädäki iň beýik otel ilkinji myhmanlaryny kabul etdi

  • 18.11.2025 11:09
  • 9.1k+

Dünýäde iň beýik otel diýlip resmi taýdan ykrar edilen Dubaýdaky täze Ciel Dubai Marina oteli ilkinji myhmanlaryny kabul etdi diýip, The National neşiri ýazýar.

Binanyň gurluşygyna 2 mlrd dirham (544 mln dollar) sarp edildi. Myhmanhananyň açylyşy 15-nji noýabrda boldy: ilkibaşda dabara 2024-nji ýyla meýilleşdirilipdi, ýöne möhlet yza süýşürildi.
Otelde 82 gatda ýerleşdirilen 1004 otag bar. Ciel Dubai Marina-nyň beýikligi 377 metre barabar. Ozal rekord Dubaýdaky başga bir otele – 356 metrlik Gevora Hotel-e degişlidi.
The National neşiriniň maglumatlaryna görä, Dubaý beýik myhmanhana pudagynyň global merkezi bolmagynda galýar: dünýädäki iň beýik on oteliň sekizisi hut bu ýerde ýerleşýär. Olaryň arasynda ýelken şekilinde gurlan Burj Al Arab hem bolup, onuň beýikligi 321 metre ýetýär.
Neşir emirlikde beýik myhmanhanalary gurmak ugruny ösdürmegiň dowam etdirilýändigini belleýär. Häkimiýet täze taslamalaryň has köp syýahatçyny özüne çekmegine we Dubai Marina sebitine bolan gyzyklanmany artdyrmagyna bil baglaýar. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......