Türkmenistanda BMG-niň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar

  • 05.11.2025 12:21
  • 5.1k+

4 – 6-njy noýabr aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti geçirilýär. Sammite türkmen tarapyndan Türkmenistanyň zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde garyplygyň öňüni almak we jemgyýetde ähli adamlaryň deň hukukly gatnaşygyny üpjün etmek, adam hukuklaryny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, sosial adalaty ösdürmek, her bir adama laýyk iş üpjünçiligi we jemgyýetçilik goragy, demografik, tehnologiýa we ekologik üýtgeşmeleriň jemgyýete edýän täsiri, halkara hyzmatdaşlygy, hususy pudak we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki işleri kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.


düýn 18:04
3.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......