Türkmen-owgan serhedindäki «Serhetabat» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny 2,5 esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär

  • 05.11.2025 11:08
  • 15k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine girişýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gurluşyk işleri  «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2025-2027-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda öňki hereket edýän binalaryň durky düýpli täzelener, birnäçe binalar we desgalar täze gurular. Şeýle hem, taslamanyň çäklerinde ulag serişdeleri üçin täze rentgen-barlag enjamyny gurnamak hem-de gümrük amallary üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu işleriň netijesinde bolsa, gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny bir günde jemi 500 awtoulaga çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, gümrük nokadynyň häzirki taslama kuwwatyndan 2,5 esse ýokarydyr.
«Serhetabat» gümrük nokady Türkmenistanyň daşary söwdasynyň haryt dolanyşygynda hem-de «Lapis Lazuli» we başgada birnäçe halkara ulag geçelgeleriň ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlaryň biri bolup durýar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......