Türkmenistanda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler: maslahat, sergi, marafon...

  • 21.10.2025 10:37
  • 2k+

23–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar. BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hyzmatdaşlary, jemgyýetçilik wekillerini we metbugat işgärlerini bu dabaralara gatnaşmaga çagyrýar.

23-nji oktýabrda 14:00-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG 2026–2030-njy ýyllar üçin durnukly ösüş boýunça bilelikdäki ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän täze Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekerler.
24-nji oktýabrda sagat 18:00-da «Mukamlar köşgüniň» foýesinde «BMG – 80 ýyl» atly taryhy fotosergi açylar. Ol BMG-niň taryhyndaky möhüm pursatlary we guramanyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny görkezýär. Soňra şol ýerde sagat 19:00-da «Parahatçylygyň we umydyň sazlary» ady bilen simfoniki konsert geçiriler.
25-nji oktýabrda sagat 11:00-da BMG–80 marafonlary ýurduň ähli sebitlerinde — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň şäherlerinde başdalga berler.
BMG agentlikleri we ýerli hyzmatdaşlar türgenler hem-de jemgyýetçilik toparlary bilen bilelikde parahatçylygy, agzybirligi we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen özboluşly sport marafonlaryny gurarlar. Marafona hasaba alynmak üçin aşakdaky salgylanmalara geçiň:

Ahal
Mary
Lebap
Balkan
Daşoguz


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......