Türkmenistan we Russiýa ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakynda ylalaşyga gol çekişdi

  • 18.10.2025 10:06
  • 10k+

Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Sergeý Wladimirowiç Şklýaýew duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, hünärmenleriň alyşylmagy, kadr taýýarlygyny ösdürmek, şeýle hem Bütindünýä gümrük guramasy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara görnüşlerinde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Şol çäräniň çäklerinde Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy arasynda Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirişinde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrmak hakynda (“Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi”) Ylalaşyga gol çekildi. Bu Ylalaşyk özara söwdanyň ösdürilmegine, gümrük amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna we gümrük dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......