Serdar Berdimuhamedow Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutdy

  • 15.10.2025 12:03
  • 14k+

Şu gün, 15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Lebap welaýatyna iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow ýörite gurnalan mejlisler zalynda toplumyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli söz sözledi.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Daewoo» koreý kompaniýasy ýerine ýetirer. Superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edilenden soňra, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju çykyş etdi.

Soňra döwlet Baştutany Lebap welaýatynda guruljak mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýörite gutuda ýadygärlik ýazgy galdyryp, il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze toplumyň gurluşygyna ak pata berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak himiýa kärhanasy ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hem-de içerki sarp edijileri has ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün eder.


şu gün 12:31
2k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
463

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
670

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......