Türkmenistanyň Efiopiýadaky ilçisi diplomatik işine girişdi

  • 14.10.2025 21:43
  • 5.1k+

10-njy oktýabrda Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen ilçisi Mekan Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Aziza Geleta Dessalegne ilçiniň bu wezipä bellenmegi mynasybetli öz gutlaglaryny beýan etdi hem-de oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi M.Işangulyýew öz gezeginde, Türkmenistanyň we Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......