Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi

  • 14.10.2025 12:37
  • 4.1k+

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Maslahata 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlar, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekilleri we bilermenler gatnaşdy.
Türkmenistandaky LCOY 2025 maslahaty BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýanyndaky çagalar we ýaşlar boýunça ygtyýarly topar bolan YOUNGO tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy we YOUNGO agzalary tarapyndan ýurduň öňdebaryjy ýaşlary bilen bilelikde gurnaldy.
Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň agentlikleriniň ýardam bermeginde geçirilen çäre pikir alyşmak, howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýakyn wagtda Braziliýanyň Belem şäherinde geçiriljek Ýaşlar maslahatynda we Taraplaryň maslahatynda (COP30) hödürlenjek bütewi Howanyň üýtgemegi boýunça boýunça ýaşlaryň ýol kartasyny kabul etmek üçin netijeli meýdança boldy.
Maslahaty açmak bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG ulgamynyň wekilleri ýaşlaryň howany goramak baradaky tagallalaryny hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly milli başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny belläp geçdiler. Şeýle-de ýaşlaryň Pariž ylalaşygy hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli borçnamalary ýerine ýetirmekde möhüm hyzmatdaşlardygyny nygtadylar.

«Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemegi bilen bagly çylşyrymly meselelere çözmekde ylham beriji öňdeligi, bilimleri we raýdaşlygy görkezýärler. Olaryň pikirleri we işleri diňe bir milli ileri tutulýan ugurlary görkezmän, eýsem-de dünýä derejesindäki gepleşiklere hem saldamly goşant goşýar. BGM-niň ulgamy öňdebaryjy ýaşlaryň durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşi emele getirmäge işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berýär», - diýip, Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko belledi.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar alty mowzuklaýyn iş toparlaryna, ýagny howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, uýgunlaşmak, howanyň üýtgemegi meselesi boýunça maliýeleşdirilmek, ekologiýa bilimi, bioköpdürlüligi we daşky gurşawy goramak, şeýle hem suw serişdelerini birleşdirip dolandyrmak boýunça toparlara bölündi. Degişli ugurlaryň hünärmenleri we utgaşdyryjylary ýaşlara maksatlary we garaşylýan netijeleri düşündirdiler, ýaşlar bolsa öz jemgyýetlerindäki tejribeleri, howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlary paýlaşdylar we ekologiýa syýasaty boýunça bilimlerini ösdürdiler.
Iş sessiýalaryndan soň toparlaryň ýolbaşçylary tekliplerini hödürlediler, olar Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatda çäreleriň Ýol kartasynyň deslapky görnüşine girizildi. Bu teklipler soňra COY20-de we COP30-da hödürlenjek Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi barada beýannamasynyň soňky görnüşine giriziler.
Ýaşlaryň maslahaty (COY) – her ýyl geçirilýän halkara çäre bolup, öňdebaryjy ýaşlary we işjeň raýatlary howanyň üýtgemegi boýunça çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birleşdirýär. 2025-nji ýylda COY20 noýabr aýynyň başynda Braziliýanyň Belem şäherinde geçiriler we 2025-nji ýylyň 10-21-nji noýabry aralygynda geçiriljek COP30 - Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 30-njy Maslahaty üçin taýýarlyk meýdançasy bolar.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......